Çawuşogly Türkiyäniň Sudandaky ilçihanasynyň işgärleriniň Port-Sudan şäherine barandygyny belledi

Mewlüt Çawuşoglu, hususy telewideniýe kanalyna beren beýannamasynda, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçdi

1985362
Çawuşogly Türkiyäniň Sudandaky ilçihanasynyň işgärleriniň Port-Sudan şäherine barandygyny belledi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Sudanda 15-nji aprelden bäri dowam edýän çaknyşyklar sebäpli Türkiýäniň Hartumdaky ilçihanasynyň işgärlerini şu gün Port-Sudana getirendiklerini aýtdy.

Mewlüt Çawuşoglu, hususy telewideniýe kanalyna beren beýannamasynda, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçdi.

Sudandaky çaknyşyklaryň köçe söweşine öwrülendigini aýdan Çawuşoglu, Türkiýäniň Hartumdaky ilçihanasynyň ýerleşýän köçesinde güýçli çaknyşyklaryň başdan geçirilýändigini belledi.

Çawuşoglu, ilçihananyň wagtlaýyn Port-Sudana göçürilmegi barada karar kabul edendiklerini we ilçihananyň işgärleriniň şu gün Port-Sudana getirlendigini ýatlatdy.

Çawuşoglu, 6-njy maýda ilçihana göçürilmegi üçin taýarlyk görülýärkä ilçihananyň ulagyna od açylandygyny belledi.

Daşary işler ministri Çawuşoglu “Hatda has güýçli ýaraglar bilen od açylmaga synanşyldy. Uçarymyza hem hüjüm edildi. Aslynda biz hiçbir tarapa goldaw bermeýäris. İki tarapa hem sarpa goýýarys, emma başga bir güýç bizi bu işiň içine çekmek isleýän ýaly” diýip belledi.



Degişli Habarlar