Dörttaraplaýyn Maslahat Moskwada Geçiriler

Bu barasynda Milli goranmak ministri Akar beýannama berdi.

1978444
Dörttaraplaýyn Maslahat Moskwada Geçiriler

Milli goranmak ministri Hulusi Akar Türkiýe-Russiýa-Siriýa bilen Eýranyň arasyndaky dörttaraplaýyn maslahatyň ertir Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini beýan etdi.

28-nji dekabrda Moskwada Türkiýäniň, Russiýanyň we Siriýanyň goranmak ministrleri bilen howpsuzlyk gulluklarynyň başlyklarynyň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn maslahatyň geçirilendigini ýatladan Akar, özara pikir alyşylan maslahatda, olaryň dowam etdirilmegi boýunça ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy.

Ministr Akar; “Soň geçirilen işlerde şol maslahatlara Eýranyň hem gatnaşmagy hakynda pikir alyşyldy. Degişli taraplar muny ýerlikli diýip tapdy. Bu maslahatyň dowamy hasiýetinde, bu gezek dörttaraplaýyn formatda, goranmak ministrleriniň we howpsuzlyk gulluklarynyň başlyklarynyň gatnaşmagyndaky maslahatyň geçirilmegi üçin taýýarlyklarymyz dowam edýär. 25-nji aprelde bu maslahatyň Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýär. Maksadymyz bar bolan meseleleriň gepleşikler arkaly çözülmegi we gysga möhletde sebitde parahatçylygyň hem-de asudalygyň höküm sürmeği” diýdi.

Gatnaşyklaryň, saparlaryň ikitaraply sarpa goýmagyň esasynda dowam edýändigini aýdan Akar; “Maslahatyň geçirilmeginden soň käbir oňyň wakalaryň bolmagyna hem garaşýarys. Sebitleýin parahatçylyga goşant goşmak üçin Türkiýe, ministrligimiz elimizden geleni edýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar