Hulusi Akar Antakýadaky NATO çadyr şäherçesiniň açylyşyna gatnaşdy

NATO-ny beýik we güýçli bir goranyş guramasy hökmünde häsýetlendiren Hulusi Akar, Türkiyäniň hem alýansyň 70 ýyldan gowrak wagt bäri täsirli we abraýly bir agzasydygyny habar berdi

1974363
Hulusi Akar Antakýadaky NATO çadyr şäherçesiniň açylyşyna gatnaşdy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýertitremelerden soň howa koridory üçin üpjün eden uçar we dikuçarlar bilen çadyr şäherçesiniň gurluşygyna beren goldawlary üçin NATO we ähli dostlukly we ýaran ýurtlara minnetdarlyk bildirdi. 

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş Ştabyň başlygy Ýaşar Güler we NATO-nyň Ýewropanyň Ýaranlyk baş serkerdesi Kristofer Kawoli bilen orta bilim derejesindäki okuwçylaryň ýaşamaklary we bilim almaklary üçin mekdepiň we synplaryň taýarlanan Antakýa NATO Çadyr şäherçesiniň açylyşyny amala aşyrdy. 

NATO-ny beýik we güýçli bir goranyş guramasy hökmünde häsýetlendiren Hulusi Akar, Türkiyäniň hem alýansyň 70 ýyldan gowrak wagt bäri täsirli we abraýly bir agzasydygyny habar berdi. 

Hulusi Akar, Türkiyäniň alýansda öz üstüne düşýän wezipeleri kemçiliksiz ýerine ýetirýändigini belläp: "NATO-nyň diňe bir harby gurama bolmandygyny, şol bir wagtyň özünde ynsanperwer kömek babatynda hem nähili derejede täsirlidigini häzirki wagtda içinde bolan desga bilen göz ýetirýäris. Kyn günlerde raýdaşlyk örän möhüm. Bu kyn günlerde jebis bolmak, hyzmatdaş we raýdaş bolmak örän möhüm. Ony hem NATO-dan we ähli ýaranlarymyzdan gördük" diýip mälim etdi. 

Kristofer Kawoli hem öz gezeginde bu kyn günlerde Türkiyä ýardam elini uzatmakdan hoşaldyklaryny beýan etdi. 

Kawoli: "NATO göçme hassahanalary, işgärleri, çadyr we azyk mümkinçilikleri bilen kömek berýär. Biz hem Türkiyäniň gerek bolan zatlaryny, zerur boldugy saýyn üpjün etmäge dowam ederis" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #NATO , #Antakýa , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar