Finlýandiýa We Şwesiýa Nato Agza Bolmak Üçin Howpsuzlyk Boýunça Şertleri Ýerine Ýetirmeli

Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary Ibrahim Kalynyň Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agza bolmak üçin howpsuzlyk adalarynyň gidirilmegi üçin başlangyçlar etmelidigini aýtdy.

1957553
Finlýandiýa We Şwesiýa Nato Agza Bolmak Üçin Howpsuzlyk Boýunça Şertleri Ýerine Ýetirmeli

Ibrahim Kalyn Belgiýanyň paýtagty Belgiýada gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça beýannama berdi.

Kalyn Türkiýe-Şwesiýa-Finlýandiýa Hemişelik bilelikdäki mehanizminiň maslahatynyň umuman oňyn geçendigini aýtdy.

Kalyn Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy hakynda “Howpsuzlyk boýunça aladalaryň gidirilmegi üçin başlangyç edilmeli” diýdi.

İbrahim Kalyn Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygynyň bilelikdemi ýa-da özbaşdak boljakdygy meselesiniň adybir ýurtlaryň etjek başlangyçlaryna bagly boljakdygyna baglydygyny aýtdy.

Ibrahim Kalyn Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy boýunça Türkiýe sebäpli haýsydyr bir gijä galmanyň ýa-da güýmemäniň ýokdugyny beýan etdi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýnyň Ukraina söweş yglan etmeginden soň Şwesiýa we Finlýandiýa uzak ýyllardan bäri dowam edip gelen bitaraplyk syýasatyndan el çekip, NATO agzalyk üçin ýüz tutupdy.



Degişli Habarlar