Ömer Çelik Gresiýa reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Gresiýanyň türk uçarlaryny biynjalyk etmeginiň howply netijeleriniň bolup biljekdigini habar berdi

1874919
Ömer Çelik Gresiýa reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, partiýasynyň Merkezi Karar ýerine ýetiriş geňeşiniň maslahatyndan soň beýannama berdi.

Türk uçarlaryna 23-nji awgustda Gresiýanyň Krit adasynda ýerleşdirilen S-300-leriň üsti bilen radar gulpunyň amala aşyrylandygyny ýatladan Ömer Çelik: "Uçarlarymyza radar gulpunyň edilmegi NATO-nyň literaturasynda duşmançylykly çemeleşme diýip geçýär. Howply netijeleri bolup biler. Bu Türkiýäniň Ýaragly güýçleri taýdan hiç zat aňlatmaýar. Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň beýikligi, güýjüniň ýanynda Gresiýanyň eden radar gulplamalarynyň hiç bir manysy ýokdyr. Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky meseleler stoluň başyndan çözülip biliner, emma gepleşiklerden dowamly häsýetde gaçan grek tarapydyr. Türkiýe beýik bir diplomatiýa döwletidir Bu mesele radaryň gulplanmagy bilen çözüljek bir ýagdaý däldir. Türk diplomatiýasynyň we däbiniň çözgüt mümkinçilikleri beýikdir we çözgütleri bardyr" diýip habar berdi.

Ömer Çelik: "Gresiýanyň türk uçarlaryny biynjalyk etmegi ýaly meýdandaky bular ýaly hereketleriň howply netijeleri bolup biler. Bu dünýäniň hiç wagt islemeýän zadydyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar