Çawuşogly: Milletiň Howpsuzlygyndan Egilşik Etmeris

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly milletiň howpsuzlygy meselesinde egilşik etmejekdiklerini aýtdy.

1847884
Çawuşogly: Milletiň Howpsuzlygyndan Egilşik Etmeris

Çawuşogly Malatýa welaýatynda geçirilen maslahatda sözlän sözünde Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalygy boýunça Türkiýäniň talaplarynyň anyk çäreler bilen ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi.

Çawuşogly: “Milletimiziň howpsuzlygy meselesinde egilşik etmeris. İne Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyklaryna hem şeýle garaýarys. Biziň olardan isleýän zadymyz, garaşýan tamalarymyz mümkin bolmajak zat däl. Terrorizme goldaw berýäň, berme. Terrorçylar ýurdunda, gapylaryňy açyp, kabul edýäň, ähli işlerine rugsat berýäň, maliýeleşdirilmegine göz ýumýaň. Şol ýerlerden Kandile ýa-da häzir bolýan ýerlerine çagalaryň güýç bilen alynyp gidilmegine sebäp bolýaň. Olaryň bu işlerine şert döredýäň, öňüni almaýan. İkinjisi; ýaran bolmak isleýän bolsaň, Türkiýäni duşman hökmünde kabul edip bilmersiň. Terrorizme garşy göreşi sebäpli embargo goýup bilmersiň. “İne şulary ýerine ýetirerin” diýseň, NATO hem agza bolarsyn. Şeýle aňsat” diýdi.

PKK-nyň we ÝPG-niň şol bir terror guramasydygyny beýan eden Çawuşogly, hiç kimiň bahanalaryň aňyrsyna bukulmaly däldigini nygtady.

Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ýüze çykan galla ýetmezçiligi hakynda-da durup geçen Çawuşogly, Russiýadan galla eksportunyň öňüniň açylmagy üçin iş alyp barýandyklaryny aýtdu.

 



Degişli Habarlar