Jewdet Ýylmaz Şu Gün Ruminiýa Gider

Jewdet Ýylmaz saparynyň ikinji gününde 26-njy aprelde Ruminiýanyň Premýer-ministri Marsel Çolaku bilen duşuşar.

2131753
Jewdet Ýylmaz Şu Gün Ruminiýa Gider

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz şu gün resmi sapar bilen Ruminiýa gider.

Jedet Ýylmaz, şu gün paýtagt Buharestde türk işewürleri bilen duşuşar.

Jewdet Ýylmaz saparynyň ikinji gününde 26-njy aprelde Ruminiýanyň Premýer-ministri Marsel Çolaku bilen duşuşar.

Ýylmaz bilen Çolaku özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk eder.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz resmi saparynyň çäginde Ruminiýanyň Prezidenti Klaus Ýohhanis tarapyndan hem kabul ediler.

Jewdet Ýylmaz Dragalinda Gara deňiz-Podişor tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşar.

 



Degişli Habarlar