Türkiye 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly birtaraplaýyn häsýetdäki beýanatlara reaksiýa bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly birtaraplaýyn häsýetde berilen beýanatlara reaksiýa bildirdi

2131680
Türkiye 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly birtaraplaýyn häsýetdäki beýanatlara reaksiýa bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan mesele bilen bagly beýanat berildi. 

"Käbir radikal töwerekleriň göwnünden turmak maksady bilen 1915-nji ýyldaky wakalar barada berilen birtaraplaýyn häsýetdäki beýanatlary ret edýäris" diýip aýdylýan beýanatda, taryhy faktlary ýoýýan bu beýanatlaryň halkara hukugyna ters gelýändigi nygtaldy.

Beýanatda Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň 1915-nji ýyldaky wakalarynyň kanuny jedelleşik meselesdigini açyk ýagdaýda aýdandygy habar berildi. 

Taryh bilen baglanşykly öňden dörän ters pikirleriň we taraplýyn beýanatlaryň iki jemgyýetiň arasyndaky ylalaşyk tagallalaryna zeper ýetirmek bilen birlikde ýigrenç jenaýatlaryny etmäge meýilli radikal toparlary hem höweslendirýändigi bellenen beýanatda: "Ähli taraplary Umumy Taryh komissiýasynyň döredilmegi bilen bagly teklibimize we Ermenistan bilen başladylan kadalaşma tapgyryna goldaw bermäge çagyrýarys" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar