“Garaşsyzlyk Göreşiniň Gahrymanlaryny Uly Hormat Bilen Hatyralaýaryn”

Prezident Erdogan, Birinji Inöni ýeňişiniň 101 ýyllygy mynasibetli ýüzlenme berdi

1759954
“Garaşsyzlyk Göreşiniň Gahrymanlaryny Uly Hormat Bilen Hatyralaýaryn”
erdogan inonu.jpg

Prezident R. T. Erdogan, Birinji Inöni ýeňişiniň 101 ýyllygy mynasibetli Twitterden beren habarnamasynda “Halkymyzyň ýenişe bolan ynanjyny artdyran Birinji Inöni ýeňişiniň 101-njy ýylynda, Gazi Mustafa Kemalyň başdan durmagynda Garaşsyzlyk göreşiniň ähli gahrymanlaryny uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.

Gresiýanyň 6-njy ýanwarda iki tarapdan başladan hüjümleri, Türk harby goşuny tarapyndan bökdeldi. Ismet serkerdäniň ýolbaşçylygyndaky türk goşunlary 3 gün dowam eden söweşde grekleri uly ýeňilişige sezewar etdi. Grekleriň hüjümleri 10-njy ýanwarda Birinji Inöni söweşi Türk goşunynyň ýeňişi bilen netijelendi. Grek goşunlary demirgazykda Inöni, günortada Afýon liniýasy bolmak bilen iki tarapdan hem çekildi.



Degişli Habarlar