Türkiýe Koronawirus garşy Göreşde 160 Ýurda Kömek Berdi

Saglygy goraýyş ministrliginiň öňbaşçylyk etmeginde 160 ýurda we 14 halkara guramasyna pandemiýa garşy göreşde degişli kömek berildi.

1757527
Türkiýe Koronawirus garşy Göreşde 160 Ýurda Kömek Berdi

Saglygy goraýyş ministrligi, Milli goranma, Içeri işler, Daşary işler, Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi, Türk gyzyl ýarymaý jemgyýeti hem-de jemgyýetçilik guramalary arkaly ABŞ, Germaniýa, Hytaý, Britaniýa, İtaliýa, İspaniýa, Russiýua, Norwegiýa, Nigeriýa, Meksika we Somali bilen birlikde 131 ýurda enjam kömegi berildi.

Ministrlik tarapyndan pandemiýada goldaw berilen halkara guramalary bolsa şeýle; BMG-niň Ynsanperwer kömekleri utgaşdyryjy düzümi, BMG-niň Çagalar kömek gaznasy, Karaip topary,Merkezi Amerikanyň İntegrasiýa guramasy, Yslam galkynyş banky, Gündogar Afrikada 8 ýurtdan ybarat bolan Hökümetara galkynyş awtoritary, Bütin dünýä saglygy goraýyş guramasy, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Gyzyl jemgyýetleri federasiýasy, BMG-niň palestinaly bosgunlara kömek gullugy, Afrika bileleşigi we Bütindünýä banky.

Şol kömekler lukmançylyk enjamlaryndan we enjamlardan (goraýyjy enjamlar, kesgiýleýiş komplekti, dem alyş enjamy) nagt kömek bilen satyn almak/eksport rugsady görnüşinde amala aşyryldy.

Berilen kömekleriň hatarynda Demirgazyk Kipr türk Respublikasynda gurluşygy Türkiýe tarapyndan amala aşyrylan we Prezident R.T.Erdogan tarapyndan 2020-nji ýylyň 15-nji noýabrynda açylan 100 adamlyk keselhana hem bar.

Aýratynam Prezident Erdoganyň görkezmesine laýyklykda Albaniýada-da Türkiýe-Albaniýa Fier Dostluk keselhanasy 2021-nji ýylyň 21-njiaprelinde açylyp, halkyň ulanmagyna hödürlendi.

 



Degişli Habarlar