Çawuşogly Russiýany we Ukrainany parasatlylyga çagyrdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Russiýany we Ukrainany parasatlylyga çagyrandygyny we dartgynlygyň azaldylmagy barada maslahat berendigini beýan etdi

1741361
Çawuşogly Russiýany we Ukrainany parasatlylyga çagyrdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Latwiýanyň paýtagty Riga şäherinde geçirilen NATO agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň 2-nji gününde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Ukrainanyň NATO agzalygy bilen bagly soraga jogap beren Çawuşogly, Türkiýäniň giňelmegi goldaýandygyny belläp: "Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogan hem, biz hem NATO sammitlerinde we ministrleriň maslahatynda muny belläp geçýäris" diýip habar berdi. 

Çawuşogly: "Russiýanyň agressiw çemeleşmesine nähili garaýarsyňyz?" soragyna: "Taraplaryň ikisi bilen hem aragatnaşyk içindediris. Parasatlylyga çagyrarys we dartgynlygyň azaldylmagy barada maslahat berýäris. Ýakyn wagtda ýurtlaryň ikisiniň hem Daşary işler ministrleri Sergeý Lawrow we Dmitri Kuleba bilen gürrüňdeş boldym. Anna güni Prezidentimiz, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen söhbetdeş bolar. Men şu gün Dmitro Kuleba bilen bu ýerde, ertir bolsa Stokgolmde duşuşyk geçirerin. Ertir Stokgolmde mundan başgada Lawrow bilen duşuşyk geçirerin. Ýagny taraplaryň ikisi bilen hem aragatnaşyk içindediris we özlerini parasatlylyga çagyrarys we dartgynlygyň azaldylmagy barada maslahat berýäris" diýip mälim etdi.

Çawuşogly Russiýa goýulmagy ähtimal sanksiýalar bilen baglanşykly, Türkiýäniň sanksiýalaryň meseleleri çözjekdigine ynanmaýandygyny, onuň ýerine manyly eýmendirmäniň bolmagynyň gerekdigini belläp: "Türkiýe hökmünde ynanýan zadymyz eýmendirme we dialogyň arasynda deňagramlylygyň saklanmagy. Ukraina ýa-da başga bir ýurda hiç kim diňe sanksiýalar arkaly kömek berip bilmez" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar