Prezident Erdogan Nigeriýada saparda bolýar

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Afrika saparynyň 3-nji we soňky duralgasy bolan Nigeriýada resmi dabara bilen garşylandy

1722442
Prezident Erdogan Nigeriýada saparda bolýar

Prezident Erdogan Angola we Togo döwletlerine guran saparyndan soň düýn gije Nigeriýanyň paýtagty Abudža şäherine bardy. 

Prezident Erdogan Abudža Halkara Nnamdi Azikwe howa menziline baranynda Nigeriýanyň Daşary işler ministri Jeffri Oneama, Federal paýtagt zolagynyň ministri Muhammed Musa Bello, Nigeriýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ismail Ýusuf Abba we Türkiýäniň Abudža şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Hidaýet Baýraktar tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. 

Prezident köşgüne geçen Erdogan, ol ýerde ýurdyň Döwlet baştutany Muhammed Buhari tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. 

Erdogan we Buhari soň bolsa ikiçäk duşuşyk geçirmäge geçdiler. 

Ikiçäk we toparara gepleşikler geçirjek Erdogan we Buhari, reminamalaryň gol çekişlik dabarasyna gatnaşarlar we soň bolsa umumy metbugat ýygnagyna gatnaşarlar. 

Prezident Erdoganyň şeýle hem nigeriýaly kärdeşi Buhari tarapyndan öz hormadyna beriljek resmi günortan naharyna gatnaşmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar