Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 31 müň 413 adam öýlerine ugradyldy

1715992
Kowid-19 epidemiýasyna garşy göreş dowam edýär

Türkiýäniň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşinde soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 236 boldy.

Soňky 24 sagadyň dowamynda 358 müň 64 adam testden geçirildi.

Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 30 müň 438 adama ýetdi.

Saglyk ýagdaýy gowulaşan 31 müň 413 adam öýlerine ugradyldy.

Beýleki tarapdan Türkiýede häzirki wagta çenli birinji, ikinji we üçünji doza sanjymlaryň sany 111 million 391 müň 198-e ýetdi.



Degişli Habarlar