Hulusi Akar Gruziýanyň Premýer ministri Garibaşwili bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşyk geçirdi

1714712
Hulusi Akar Gruziýanyň Premýer ministri Garibaşwili bilen duşuşyk geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Gruziýa-Türkiýe-Azerbaýjan Goranmak ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherine gitdi. 

Tbilisi howa menzilinde Gruziýanyň Goranmak ministriniň orunbasary Dawit Sudžaşwili, Türkiýäniň Tbilisi şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Fatma Jeren Ýazgan we beýleki resmiler tarapyndan garşylanan ministr Hulusi Akar, Premýer ministrlige geçip, ol ýerde Gruziýanyň Premýer ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşyk geçirdi. 

Ikitaraplaýyn we sebitleýin goranyş, howpsuzlyk we goranyş senagaty ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk ugurlarynyň pikir alyşylan duşuşykda Hulusi Akar tarapyndan şeýle hem, Türkiýäniň we Gruziýanyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklaryň üstünde durup geçendigi, Gruziýanyň territorial bütewiligine berilýän ähmiýede, sebitleýin eýeçilik ýörelgesi esasynda Gara deňizdäki meseleleriň ikitaraplaýyn häsýetde dialog we gepleşikler arkaly parahatçylykly ýollar bilen çözülmegine, iki ýurdyň arasynda harby tälim we goranyş senagaty ugurlarynda hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmeginiň ähmiýedine ünsleri çekendigi beýan edildi. 



Degişli Habarlar