Prezident Erdogan Garadaga Bardy

Prezident Erdogany howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy

1698902
Prezident Erdogan Garadaga Bardy

Prezident R. T. Erdogan Bosniýa-Gersegowina guran resmi saparyndan soň Garadaga bardy.

Prezident Erdogany howa menzilinde Garadagyň Wise-premýeri Dritan Abazowiç, Garadagyň Ankaradaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Perisa Kastratowiç we Türkiýäniň Garadagdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Songül Ozan bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar garşylady.

Prezident Erdogana saparynyň çäginde aýaly Emine Erdogan, Söwda ministri Mehmet Muş, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň Metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn ýoldaşlyk edýär.



Degişli Habarlar