TBMM-niň Başlygy Şentop, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Azerbaýjanda saparda bolýar

1681338
TBMM-niň Başlygy Şentop, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi
sentop baku sehitlik ziyaret.jpg

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi.

Azerbaýjanyň paýtagty Bakudaky Zagulba köşgünde metbugata ýapyk hasiýetinde geçirlen kabul edilşik ýarym sagat dowam etdi.

TBMM-niň başlygy Şentop soň bolsa Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Jafarowa, Pakisýanyň Milli Mejlisiniň başlygy Asad Kaiser bilen birlikde Haýdar Aliýewiň ýadigärlik mazaryna, Şehitler ýadigärligine we Bakudaky Türk şehitligine baryp gül desselerini goýdy.

Şentop metbugata beren beýannamasynda, Azerbaýjanyň, Pakistanyň we Türkiýäniň Mejlisiniň başlygynyň gatnaşmagynda Üçtaraplaryn maslahatyň ilkinjisini geçirjekdiklerini belledi.

Mustafa Şentop, Türkiýäniň-Pakistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky jebisligiň, dostlugyň we doganlygyň diýseň möhümdigini nygtady.

TBMM-niň başlygy Şentop saparynyň çäginde Şuşa şäherine hem barjakdygyny ýatlatdy.



Degişli Habarlar