Türkiýe-Eýran serhedinde bir polisiýa işgäri şehit boldy

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi waka bilen bagly beýanat berdi

1639112
Türkiýe-Eýran serhedinde bir polisiýa işgäri şehit boldy

Türkiýe-Eýran serhedinde guralan terrorçylykly hüjümde polisiýa gullugynyň ýöriteleşdirilen bölüminden 1 işgär şehit boldy. 

Türkiýäniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Agry welaýatymyzda Türkiýe-Eýran serhedinide gurulýan diwaryň gurluşyk işleriniň howpsuzlygyny üpjün edýän gahryman polisiýa işgärimiz, ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan serhediň Eýran tarapyndan açylan oduň netijesinde şehit boldy" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar