Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde mekdepleriň biriniň öňünde bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgardy

1636745
Türkiýe Owganystanda guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Owganystanyň paýtagty Kabul şäheriniň Daşti Barçi diýilen ýerinde düýn mekdepleriň biriniň öňünde agzaçar berilýän mahaly bomba ýüklenen ulag bilen guralan terrorçylykly hüjümde aralarynda mekdep okuwçylaryň hem bolan azyndan 30 adamyň ýogalandygy we 50-den gowrak adamyň ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Mübärek Gadyr gijesinde bu rehimsiz terrorçylykly hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys, jogapkärleri näletleýäris we adaladyň öňünde hasap berjekdiklerine ynanýarys" diýip habar berildi. 

Terrorçylykly hüjümde ýogalan adamlara rehnet we ýaralananlara bolsa şypa dilenen beýanatda, dostlukly we doganlyk Owganystanyň halkyna we hökümetine Türkiýäniň çuňňur gynanç bildirýändigi bellendi. 



Degişli Habarlar