Oktaý: "Kipriň Grek bölegi mümkin bolmajak zady öňe sürmekden ýüz öwürmändir" diýdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý: "Kipriň Grek bölegi mümkin bolmajak zady öňe sürmekden ýüz öwürmändir" diýip belledi

1630934
Oktaý: "Kipriň Grek bölegi mümkin bolmajak zady öňe sürmekden ýüz öwürmändir" diýdi

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Kipr temaly gepleşiklerde, Kipriň Grek böleginiň çözgütsizligiň tarapyny tutmakdan we mümkin bolmajak zady öňe sürmekden ýüz öwürmändigini belledi. 

Fuat Oktaý, Ženewada Kipr gepleşikleri bilen baglanşykly, sosial media hasabyndan beýanat berdi. 

Fuat Oktaý: "Ženewa şäherindäki Kipr temaly gepleşiklerde, Kipriň Grek bölegi çözgütsizligiň tarapyny tutmakdan we mümkin bolmajak zady öňe sürmekden ýüz öwürmändir. Biten tagallalara we birtaraplaýyn pozisiýalara garşy, ähli sebit üçin parahatçylyk we durnuklylyk manysyny berýän özygtyýarly deňlige esaslanýan iki döwletli çözgüdi her ugurda goramaga dowam ederis" diýip belledi. 

Fuat Oktaý, DKTR-nyň garaşsyzlygy we özygryýarlylygy babatynda egilşik etmän, hakly göreşinde DKTR döwleti we Kipr türk halky bilen egin-egine durmuşa dowam etdirjekdiklerini habar berdi.  


Etiketkalar: #Kipr , #Fuat Oktaý , #DKTR

Degişli Habarlar