Liwiýa 150 Müň Doza Sanjym Ugradyldy

150 müň doza sanjymy alyp giden harby uçar Ankaradan uçdy

1621308
Liwiýa 150 Müň Doza Sanjym Ugradyldy

 

Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy alnyp barylýan göreşiň çäginde Türkiýeden Liwiýa 150 müň doza Kovid-19 sanjymy ugradyldy.

Milli Goranmak ministrligi, 150 müň doza sanjymy alyp giden harby uçaryň Ankaradan uçandygyny habar berdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada “Prezident R. T. Erdoganyň tabşyrygy boýunça taýarlanan Kowid-19 sanjymlaryny Liwiýa alyp giden Howa güýçlerine degişli uçar Ankaradan Etimesgut howa menzilinden uçdy” diýildi.

Prezident Erdogan, hepdäniň başynda Ankarada saparda bolan Liwiýanyň milli ylalaşyk hökümetiniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe bilen bolan duşuşygynda “Liwiýa 150 müň doza Kovid-19” sanjymyny bereris” diýipdi.


Etiketkalar: #Liwiýa , #Kovid-19 , #sanjym

Degişli Habarlar