Türkiýäniň Daşary işler ministri Owganystanyň ozalky Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Mewlüt Çawuşogly sosial media hasabyndan beýanat berdi

1613046
Türkiýäniň Daşary işler ministri Owganystanyň ozalky Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Owganystanyň ozalky Daşary işler ministri Selahaddin Rabbani bilen duşuşyk geçirdi. 

Sosial media hasabyndan beýanat beren Mewlüt Çawuşogly, şol bir wagtda Yslam jemgyýeti partiýasynyň başlygy bolan Owganystanyň ozalky Daşary işler ministri Selahaddin Rabbani bilen netijeli duşuşyk geçirendiklerini habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Owganystandaky ýagdaý, parahatçylyk etaby boýunça ýetilen sepgit we Stambul maslahaty barada pikir alyşdyk" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar