Daşary Işler Ministri Täjigistanda Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani Tarapyndan Kabul Edildi

"Eşref Gani bilen Owganystandaky parahatçylyk etaby we aprel aýynda Stambulda geçiriljek maslahat hakynda pikir alyşdyk"

1611396
Daşary Işler Ministri Täjigistanda Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani Tarapyndan Kabul Edildi

 

Aziýanyň Kalby-Stambul etabynyň Duşenbede ministrler derejesinde geçirlen 9-njy maslahatyna gatnaşmak üçin Tajikistana giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly iş saparynyň çäginde Owganystanyň Prezidenti Eşref Gani tarapyndan kabul edildi.

Mewlüt Çawuşogly kabul edilşik hakynda Twitterden beren habarnamasynda, Owganystanda parahatçylyk etabynyň gün tertibinde esasy orun eýeleýän günlerinde Owganystanyň Prezidenti Gani bilen Duşenbede duşuşandyklaryny nygtady.

Çawuşogly, Eşref Gani bilen Owganystandaky parahatçylyk etabyndeaýetilen sepgit we aprel aýynda Stambulda geçiriljek maslahat hakynda pikir alyşandyklaryny belledi.

Mewlüt Çawuşogly “Stambul maslahatynyň parahatçylyk gepleşiklerine goşant goşmagy meselesini ara alyp maslahatlaşdyk. Owgan doganlarymyz bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamaga dowam ederis” diýdi.



Degişli Habarlar