Şehitler Üçin Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelýär

Bitlisiň Tatwan etrabynda bolan dikuçar heläkçiliginde şehit bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirildi

1595683
Şehitler Üçin Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelýär

 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Bitlisde harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli şehit bolan esgerler üçin Türkiýä duýgudaşlyk bildirdi.

Aliýew, Prezident Erdogana ugradan ýüzlenmesinde “Harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy sebäpli türk esgerleriniziň şehit bolandygy habary meni çuňňur gynandyrdy. Size, şehitleriň hossarlaryna we türk halkyna, öz adymdan we Azerbaýjanyň halkynyň adyndan duýgudaşlyk bildirýärin, ýaralananlara şypa dileýärin. Alladan rehnet dileýärin” diýdi.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow hem Twitterden türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, şehit esgerler üçin Prezident R. T. Erdogana we Milli Goranmak ministri Hulusi Akara telefon edip duýgudaşlyk bildirdi.

DKTR-nyň Premýer ministri Ersan Saner hem Prezident Erdogana, Wise-prezident Fuat Oktaýa we Milli Goranmak ministri Akara ýüzlenme ugradyp waka çuňňur gynanç bildirýändigini mälim etdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hem Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna telefon edip dikuçar heläkçiligi sebäpli gynanç bildirdi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg, telefon söhbetdeşliginde, NATO-nyň Türkiýä goldaw berýändigini nygtady.

Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwili, Prezident Erdogana we türk halkyna, Bitlisiň Tatwan etrabynda bolan dikuçar heläkçiliginde şehit bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Britaniýanyň Daşary işler ministri Dominik Raab hem şehit esgerler üçin gynanç bildirdi.

Somaliniň Adalat ministri Abdulkadir Muhammed Nur, Bitlisiň Tatwan etrabynda bolan dikuçar heläkçiliginde şehit bolanlar üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Albaniýanyň we Wenesuelanyň Daşary işler minisrleri hem dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerler üçin duýgudaşlyk bildirdi.

Türk Geňeşiniň baş sekretary Bagdad Amreýew hem dikuçar heläkçiliginde şehit bolan esgerlere uly gynanç bildirýändigini nygtap “Türk geňeşiň adyndan we öz adymdan bu elhenç heläkçilikde ýogalan esgerlere Alladan rehnet, hossarlaryna we doganlyk türk halkyna duýgudaşlyk bildirýärin, ýaralananlara şypa dileýärin” diýip belledi.

Daşary ýurtlaryň paýtagt Ankaradaky wekilleri hem sosial media arkaly beren habarnamalarynda türk halkyna duýgudaşlyk bildirdi.



Degişli Habarlar