"Gahryman Esgerlerimize Alladan Rehnet Dileýäris"

Bitlisde harby dikuçaryň heläkçiligine uçramagy sebäpli 11 esger şehit boldy

1595504
"Gahryman Esgerlerimize Alladan Rehnet Dileýäris"

Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýannama görä, Bingölden uçan Cougar kysymly dikuçar bilen Türkiýe wagty bilen 14.25-de aragatnaşyk kesildi.

Geçirlen barlaglarda we halas ediş işlerinde dikuçaryň howa şertleri sebäpli heläkçilige uçrandygy anyklandy.

Dikuçar heläkçiliginde 11 esgeriň  şehit bolandygy, 2 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

Ýaralanan esgerleriň hassahanada bejergi astyna alynandygy bellenildi.

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýalar Güler we Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Ümit Dündar bilen birlikde heläkçiligiň bolan ýerine gitdi.

Ministr Akar dikuçar heläkçiligi hakynda beren beýannamasynda “Ilkinji maglumatlara we şaýatlaryň aýtmagyna görä, heläkçiligiň howa şertleriniň duýdansyz ýaramazlaşmagy sebäpli bolandygy habar berilýär” diýdi.

Ministr Akar mesele hakynda derňew işiniň şu gün başlanjakdygyny we heläkçiligiň sebäbiniň anyklanjakdygyny belledi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, “Bizi çuňňur gynandyran heläkçilikde şehit bolan gahryman ýaragly egindeşlerimize Alladan rehnet, hossarlaryna, Türk ýaragly güýçlerine we halkymyza duýgudaşlyk, sabyr, ýaralanan esgerlerimize hem gyssagly şypa dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar