Gresiýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Gresiýanyň Halkidiki şäheriniň Simandra obasynda mekdebiň howlusynda gurulýan sport zalynyň guluşyk işlerinde Osmanly döwletinden galan musulman gonamçylygy tapyldy

1589908
Gresiýanyň Ankaradaky ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Mesele bilen bagly Gresiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy we Türkiýäniň Afiny şäherindäki ilçihanasy tarapyndan Gresiýanyň Daşary işler ministrligi bilen koordinasiýa esasynda işe girişdi. 

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, gurluşyk işleriniň netijesinde Osmanly döwründen galan musulman gonamçylygynyň tapylandygy barada ýerli metbugatda berilen habarlaryň esasynda, Türkiýäniň Saloniki şäherindäki Baş konsullygy tarapyndan, ady agzalan oba barylyp görülendigi we ýerli grek resmiler bilen aragatnaşyga geçilip maglumat talap edilendigi habar berildi. 

Berilen beýanatda: "Geçirilen işleriň netijesinde ady agzalan ýerde ata-babalarymyza degişli 201 mazaryň tapylandygy, emma ýurdumyz habardar edilmeden ýerli ýolbaşçylar tarapyndan Halkidiki we Aýnaroz Gadymy eserler edarasynyň ammarynda gorag astyna alynandygy mälim boldy. Şol maglumatlaryň esasynda Gresiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrligimize çagyryldy we Türkiýäniň Afiny şäherindäki ilçihanamyz tarapyndan Gresiýanyň daşary işler ministrligi bilen koordinasiýa esasynda işe girişdi. Geçirilen işleriň netijesinde mazarlar barada ýurdumyza ozaldan näme sebäpli maglumat berilmänligi barada düşündiriş talap edildi, gurluşyk işleriniň iň tiz wagtda bes edilmegi, gorag astyna alynan jesetleriň dini ynançlarymyza laýyklykda we ýörite çäre bilen jaýlanmaklary we jaýlanan ýerleriniň Musulman gonamçylygy bolandygynyň görkezilmegi talap edildi" diýip mälim edildi. 



Degişli Habarlar