Milli Goranmak Ministri Akar Britaniýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Britaniýanyň Goranmak ministri terror guramasy PKK tarapyndan şehit edilen 13 türk raýaty üçin duýgudaşlyk bildirdi

1585648
Milli Goranmak Ministri Akar Britaniýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Britaniýanyň Goranmak ministri Ben Uolles bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki kärdeş NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahatynyň öňüsyrasynda geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde özara we sebitara howpsyzlyk we goranyş senagaty pudagynda edilýän hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdy.

Britaniýanyň Goranmak ministri telefon söhbetdeşliginde ekstremist terror guramasy PKK tarapyndan Yragyň Gara etrabynda şehit edilen 13 türk raýaty üçin duýgudaşlyk bildirdi.



Degişli Habarlar