Mewlüt Çawuşogly we Muhammed Jawad Zarif özara duşuşyk geçirdiler

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Nigeriýanyň suw giňişliginde deňiz garakçylar tarapyndan zamun alynan türk deňizçiler bilen baglanşykly: "Nesip bolsa ýakyn wagtda gowy habarlar alarys" diýdi

1573576
Mewlüt Çawuşogly we Muhammed Jawad Zarif özara duşuşyk geçirdiler

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif bilen Stambuldaky Dolmabahçe köşgünde duşuşyk geçirdi. 

Ikiçäk geçirilen duşuşykdan soň, toparara gepleşiklere geçildi. 

Gepleşiklerden soň, iki ministr umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Metbugat ýygnagynda çykyş eden Mewlüt Çawuşogly: "Koronawirus epidemiýasy sebäpli maslahatlarymyzy nädip geçirip biljekdigimizi maslahatlaşdyk. Astana formatyndaky üçtaraplaýyn maslahat Tähranda geçiriler, taýarlyklaryny şu gün başlatdyk" diýip mälim etdi. 

Günorta Kawkazda parahatçylyk ylalaşygynyň gazanylandygyny we her kimiň onuň hemişelik bolmagyny isleýändigini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "Diňe islemek bilen bolmaz, goşant goşmagymyz hem gerek. Günorta Kawkaz bilen baglanşykly 3+3 formatynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýäris" diýip aýan etdi. 

Türkiýe hökmünde esasan hem Eýran-ABŞ we Ýewropanyň 3 ýurdy tarapyndan baglaşylan ýadro ylalaşygyna goldaw berýändiklerini aýdan Çawuşogly: "ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bilen ylalaşyga gaýdyp geliner diýip umyt edýäris. Nesip bolsa şondan soň Eýrana garşy goýulan embargolar ortadan aýrylar" diýip beýan etdi. 

4 gün ozal Mosart atly gäminiň Nigeriýanyň suw giňişliginde Gwineýa aýlagynda deňiz garakçylarynyň hüjümine sezewar galandygyny aýdan Çawuşogly: "Düýn buşluklu bir habar aldyk. Ekipaž we kapitan kärhana bilen aragatnaşyga geçdi. 15 doganymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowudygyna göz ýetirdik. Etap we jikme-jikligi barada maglumat bermegim mümkin däl, emma nesip bolsa ýakyn wagtda gowy habarlar alarys" diýip aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Hüjümden halas bolan 4-nji kapitan we 2 raýatymyz şu gün Türk howaýollary kärhanasyna degişli uçar bilen Türkiýä geler. Gämilerimize we beýleki ýurtlaryň gämilerine garşy hüjümleriň öňüniň alynmagy bilen bagly meseleleri sebitiň ýurtlary bilen ara alyp maslahatlaşarys" diýip beýan etdi. 

Muhammed Jawad Zarif bolsa öz gezeginde: "Prezident Rejep Taýýip Erdogana iň gysga wagtda Eýranda garaşýarys. Ýakyn wagtda gününi kesgitläris" diýip belledi. 

"Eýran bilen Türkiýäniň Kawkaz babatyndaky hyzmatdaşlygy çürt-kesik sebitiň ýurtlarynyň bähbidine bolar" diýip aýdan Zarif: "Eýran bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlary örän giň. ABŞ-nyň has pähimli pozisiýa eýelemegi bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrarys" diýip habar berdi. 

Ondan soň bolsa Jawad Zarif Wahdettin köșgünde Prezident Rejep Taýýip Erdoğan tarapyndan kabul edildi. 

 Metbugaty ýapyk häsýetde geçen duşuşyga Mewlüt Çawuşogly hem gatnaşdy.



Degişli Habarlar