“ÝB bilen Täze Sahypa Açmak Isleýäris"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynyň janlandyrylmalydygyny nygtady

1568782
“ÝB bilen Täze Sahypa Açmak Isleýäris"

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde saparda bolýan Mewlüt Çawuşoglu, ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Žozef Borrel bilen bolan duşuşygyndan soň ÝB Komissiýasyna geçdi.

Çawuşoglu ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen birlikde ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Şhinas, İçeri işlerinden jogapkär agzasy Ýohansson, Goňşuçylyk syýasatlaryndan we giňelmekden jogapkär agzasy Oliwer Warhelýi bilen duşuşdy.

Duşuşyklary hakynda Twitterden habarnama beren Çawuşoglu “Agzalyk etabymyz janlandyrylmaly” diýdi.

Mewlüt Çawuşoglu habarnamasynda “Gümrük bileleşigi ýaňadandan seljerilmeli we wiza erkinligi durmuşa geçirilmeli. Bikanun göçe we terrora garşy ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeli. Ýewropada gün saýyn artýan rassizme we yslama garşy durýan toparlara garşy birlikde göreşilmeli” diýdi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu, Borrel bilen bolan duşuşygy hakyndaky habarnamasynda bolsa “ÝB bilen täze sahypa açmak isleýäris. 2016-njy ýylyň 18-nji martynda gazanylan ylalaşyk ähli taraplaýyn ýaňadandan seljerilmeli. ÝB geňeşiniň we ÝB Komissiýasynyň başlyklarynyň gurajak saparlary hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

ÝB Komissiýasynyň başlygy Fon der Laýen bolsa duşuşyk hakyndaky habarnamasynda “Gepleşik möhüm, emma şol bir wagtda içgin hereket edilmegine garaşýarys” diýdi.

Borreliň ofisinden berlen beýannamada hem “ÝB-niň, Türkiýe bilen gymmatlyklara we ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary ösdürmegi strategiýa taýdan bähbitli. Borrel bilen Çawuşoglunyň arasyndaky duşuşyk bu ugurlary ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şert döretdi” diýildi.



Degişli Habarlar