Erdogan: “Koronawirus epidemiýasynda möhüm tapgyra ýetldi”

Prezident R.T.Erdogan dünýä ýurtlary bilen bilelikde Türkiýä hem ýaramaz täsir ýetiren koronawirus epidemiýasynda möhüm tapgyra ýetilendigini aýtdy

1410646
Erdogan: “Koronawirus epidemiýasynda möhüm tapgyra ýetldi”

“Sagalan kesellileriň sany günsaýyn artýar. Täze kesellileriň sany indi müňler bilen beýan edilýär” diýen Erdogan, ministrler kabinetiniň wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisinden soň beýannama berdi.

Bir ýarym aýy yzda galdyran epidemiýa garşy göreş çärelerinden soň adaty durmuşa dolanmagyň tapgyrlaýyn görnüşde ýola goýuljakdygyny beýan eden Erdogan: “Kadalaşarys, emma ol täze kadalar bolar” diýip, çäklendireleriň azalsa-da dowam etjekdigini nygtady.

Prezident Erdogan kadalaşma tapgyrynyň öňümizdäki 3 aýda durmuşa geçiriljekdigini, şol çäkde 65 ýaşdan ýokardaky raýatlara hepdäniň dyn alyş günlerinde, 20 ýaşyna ýetmedik raýatlara bolsa 13-nji maýda 4 sagatlyk daşary çykyş rugsadynyň beriljekdigini nygtady.

Erdogan soň bolsa söwda kärhanalarynyň we hyzmatlar pudagynyň geljek hepdäniň başynda açyljakdygyny belläp, harby gulluk borçlary bilen bagly işleriň hem aýyň ahyrynda başlajakdygyny aýtdy.

Okuw jaýlarynyň täze synag düzgüni barada-da durup geçen Erdogan, şertlere görä kesgitlenen wagtyň üýgedilmeginiň mümkin boljakdygyny belläp: “Düzgünler berjaý edilmese has agyr çärler görülmeli bolar” diýdi.



Degişli Habarlar