Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2120138
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Terrorçylaryň hinlerini başlaryna ýumurdyk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Çorum welaýatynda eden çykyşynda “Türkiýäni ekstremist terror belasyndan halas edýänçäk göreşimiz durmaz. Terrorçylaryň hinlerini başlaryna ýumurdyk. Siriýa guran harby operasiýalarymyz bilen ähli hüjümleri yza serpikdirdik. Watanymyzy bölme meýilnamalaryny puja çykardyk” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “TÜRKSAT 6A üçin taýýarlyklar dowam edýär” söz başyly habarynda, 2024-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkiýäniň ilkinji milli aragatnaşyk hemrasy “TÜRKSAT 6A-nyň” älem giňişligine uçuryljakdygyny we şeýlelikde dünýäde aragatnaşyk hemrasyny öndüren 11 ýurduň hataryna goşuljakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ersoý: Çäreleriň sany 6 müňden geçer” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň şu ýyl “Türkiýe medeniýet ýyly” festiwalynda guraljak çäreleriň sanynyň 6 münden geçjekdigini beýan edip; “8 aý dowam etjek medeniýet-sungat marafony bilen Türkiýede hamala diýersiňiz festiwal yklymyny dörederis. Dünýäde şeýle çäre ýok” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Watan” gazeti “İşsizlik görkezijileri 10 ýylyň iň aşak çäginde” söz başyly habarynda, işsizleriň sanynyň 2023-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 318 müň azalyk, 3,264 000 adama deň bolandygyny ýazýar. İşsizligiň mukdary bolsa 1 bal aşaklap 9,4 göterime barabar boldy.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň iň amatly futbol şäherleriniň sanawynda Stambulam bar” söz başyly habarynda, “FourFour Two” žurnalynyň ençeme parametri seljerip, dünýäniň iň amatly futbol şäherleriniň sanawyny taýýarlandygyny mälim edýär. Ýewropadan, Günorta Amerikadan we Afrikada birnäçe şähere orun berilýän sanawda Stambul 9-njy orunda durýar.



Degişli Habarlar