Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2089068
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Terror guramasy PKK-a uly zarba uruldy” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň 12-nji ýanwarda, “Penje-Gulp” operasiýasy zolagynda 9 esgeriň şehit edilmeginden soň Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda alnyp barylan operasiýalarda ekstremist terror guramasyna uly zarba urlandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär. Ministr Güler, operasiýalarda terrorçylara degişli gowak, gaçybatlga we ammar ýaly 78 ýeriň nyşana alynandygyny we hatardan çykarlandygyny we 77 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini nygtady.

“Ýeni Şafak” gazeti, “ANKA-3 Nemesleri geň galdyrdy” söz başyly habarynda, Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň geçen hepdelerde ilkinji uçuşyny amala aşyran uçarmansyz howa ulagy ANKA-3 hakyndaky habarlara giňişleýin orun berendigini ýazýar. Nemes “FAZ” gazeti, Günbataryň Türkiýä ýarag eksportyny çäklendirendigi sebäpli, Türkiýäniň uçarmansyz howa ulagy güýjüne öwrülendigine ünsi çekdi.

“Star” gazeti, “Türkiýäniň Guramaçylykly senagat zolaklary dünýä ýurtlaryna görelde boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Guramaçylykly senagat zolaklarynyň dünýä ýurtlaryna görelde bolandygyny we Türkiýäniň Müsür, Ukraina, Yrak, Bolgariýa, Liwiýa we Ruminiýa ýaly 10-dan gowrak ýurtda Guramaçylykly senagat zolagyny gurandygyny habar berýär. Türkler soňky gezek Özbegistanda gymmaty milliardlarça dollara barabar bolan Guramaçylykly senagat zolagyny gurdy.

“Haber Türk” gazeti, “Türk howa giňişliginden 15 sekuntde bir uçar geçdi” söz başyly habarynda, Türk howa giňişliginden geçen ýyl geçen uçar sanynyň 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 14,9 göterim artyp 2 million 167 müň 19-a ýetendigini mälim edýär. Ady agzalýan döwürde Türkiýäniň gowa giňişliginden 15 sekuntda bir uçar geçdi.

“Hürriýet” gazeti, “Aýasofýada täze düzgün başlady” söz başyly habarynda, Aýasofýa metjisinde 15-nji ýanwarda täze düzgüniň başlandygyny ýazýar. Taryhy metjidi medeni maksatly zyýarat etmek isleýän daşary ýurtly syýahatçylar üçin töleg 25 ýewro boldy. Täze düzgün metjitde ybadat etmek isleýän türk raýatlaryny öz içine almaýar.



Degişli Habarlar