Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1744086
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Türkiýe pandemiýa garamazdan ösüş bilen ýoluny dowam etdirdi" söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaýyň, ösüş görkezijilerinde eksport bilen ýetilen rekordlardan, senagat önümçiligindäki artyşdan iş güýjüne bolan gatnaşyga çenli ençeme görkezijiniň, koronawirus pandemiýasyna garamazdan, Türkiýäniň ýoluny güýçlenip dowam etdirýändigini orta goýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Fuat Oktaý täze maýa goýumlary arakesme bermeden dowam etdirýändiklerini beýan etdi. 

Hürriýet gazedi: "Türk Döwletleri Guramasy Afrika ýurtlaryna sanjym kömegini berdi" söz başyly habarynda, Azerbaýjan, Özbegistan we Wengriýa tarapyndan berilen koronawirus sanjymlarynyň Türkiýä gelip ýetendigini we şol sanjymlaryň Türkiýe tarapyndan hem berilen sanjymlar bilen birlikde ýük uçarlary arkaly Afrika ýurtlaryna ugradylandygyny habar berýär. Burkina-Faso döwletine 400 müň Sinowak sanjymy, Togo döwletine 211 müň 200 doza Sinopharm sanjymy berildi. 

Ýeni Şafak gazedi: "TOGG Las-Wegasda Sarp ediji elektronikasy sergisine gatnaşdyrylar" söz başyly habarynda, TOGG-yň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, Türkiýäniň elektrik tokda işleýän ýerli we milli awtoulagy TOGG-yň ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde geçiriljek Sarp ediji elektronikasy sergisi CES 2022-de sergilenjekdigi aýan edildi. Ýerli awtoulag 2022-nji ýylyň 5-8-nji ýanwar aralygynda Las-Wegasda sergilener. 

Sabah gazedi: "Türkiýäniň içinden geçýän Orta Koridora bolan talap artýar" söz başyly habarynda, epidemiýa tapgyrynda üpjünçilik zynjyrynda deňagramsyzlyk sebäpli ýükleriň bahalarynyň artandygyny beýan edýär. Günbatar-Gündogar liniýasyndaky söwdada alternatiwa ýollar gözlenmek bilen birlikde, bir tarapdan bolsa demir ýollaryna bolan talap barha artmaga başlady. Hytaýdan Ýewropa çenli uzap gidýän Nesil Ýol taslamasynyň Demirgazyk koridory doldy. Şol sebäpli barha özgerýän we Türkiýäniň içinden geçip gidýän Orta Koridora bolan talap artýar. Orta koridora goýuljak maýa goýumlaryň göwrüminiň 8 trillion dollara ýetmegine garaşylýar.  

Star gazedi: "Serbiýadan raýatlaryna çagyryş: Türkiýä hökmany syýahat ediň" söz başyly habarynda, Serbiýanyň Syýahatçylyk ministriniň orunbasary Dunýa Çeniçiň, Türkiýä syýahat etmek barada maslahat berendigini aýan edýär. Çeniç: "Türkiýede diňe 2 gün galdym, emma şoňa garamazdan türk halkynyň nähili derejede myhmansöýerdigine şaýat boldym we ol meni bagtyýar etdi. Serbiýanyň raýatlaryna Türkiýä hökmany ýagdaýda syýahat etmekleri barada maslahat berýärin" diýip belledi. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #Türkiýe

Degişli Habarlar