Türk metbubatynyň gysgaça mazmuny

Ýerduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1718229
Türk metbubatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Siriýadan ýurdumyza guralýan terror hüjümlerine geçirimlilik etmeris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýanatynda Siriýadan Türkiýä guralýan terror hüjümlerine mundan beýlak geçirimlilik edilmejekdigini nygtap: “Polisimize guralan soňky hüjüm we territoriýamyzy nyşana alýan meçew bermelere mundak artyk sabyrly çemeleşmeris. Bu meseläniň çözülmegi üçin gysga möhletde degişli çäreleri göreris” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Soýlu: Girilmeýän zolaklaryň ählisine girdik” söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň ýurduň içinde alynyp barylýan terörizme garşy göreş hakynda: “Girilmeýän zolaklaryň ählisine girdik. Garaňky dağlarda terrorçylaryň depesinden basdyk” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Ýerli şertlerde öndürildi, 5 million dollar Türkiýede galdy” söz başyly habarynda, “HAWELSAN Tehnologiýa Radar Sanaýi we Tijaret A.Ş” firmasynyň öndüren ýerli x-raý barlag enjamy “Yşynyň” saýasynda 5 million dollaryň Türkiýede galandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Awtoulagda herm eksport hem-de önümçilik artdy” söz başyly habarynda, Awtoulag senagaty guramasynyň görkezijilerine görä üstümizdäki ýylyň 9 aýynda awtoulag önümçiliginiň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 8 göterim artyp, 921,619-a ýetendigini, eksportuň bolsa 9 göterim ýokarlap, 671,674-e ýetendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “THÝ Ýewropada 2-nji orny eýeledi” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň oktýabr aýynyň 4-10-y aralgyynda günde 1,185 gatnaw bilen Ýewropada ikinji orny eýeländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.



Degişli Habarlar