Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1682018
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Gara deňiziň tebigy gazynda ilkinji ot ýakyldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Sakarýa gaz giňiliginde “Gaz ýakma dabarasynda” sözlän sözünde, “Gara deňizden çykarljak gazyň ulanmaga berilmegi bilen daşarky garaşlylygymyzy azaldarys. Gazyň birinji tapgyryny 2023-nji ýylda ulanmaga bermek üçin uly tagalla edýäris” diýendigini ýazýar. Prezident Erdogan geljek ýyl deňiziň aşagyndan 169 kilometr turba geçirijiniň çekiljekdigini nygtap: “Ol dünýänin iň uzyn deňiz çuň deňiz arabaglanşygy bolar” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýeden Burkino Faso MEMATT eksporty” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrligine tabynlykdaky ASFAT tarapyndan öndürilýän Mehaniki mina saplaýyş enjamynyň (MEMATT) Azerbaýjan soň Burkino Faso eksport ediljekdigini ýazýar. şeýlelikde ASFAT Afrika goranyş senagaty boýunça ilkinji eksportuny amala aşyrar.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýäniň uly üstünligi…” söz başyly habarynda, merkezi Londonda ýerleşýän ylmy barlag guramasy “Emberiň” üstümizdäki ýylyň birinji ýarymy boýunça Ýewropanyň elektrik önümçiligi habarnamasyna görä Türkiýede bellenen möhletde ýelden we günden jemi elektrik önümçiligindäki paýynyň 12,9 göterime barabar bolandygyny ýazýar. Türkiýe ýelden we günden elektrik öndürmekde Ýewropa ýurtlarynda 17-njy orny eýeledi.

“Sabah” gazeti “THÝ günde 1323 sapar bilen Ýewropada ikinji orny eýeledi” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň günde 1323 gatnawy bilen Ýewropada 2-nji orny eýeländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “Pegasus” howa ýollary bolsa Ýewropada 8-njy orny eýeledi.

“Haber Türk” gazeti “Pataradaky gazuw agtaryş işlerinde 2,300 ýyllyk balyk skleti tapyldy” söz başyly habarynda, Antalýanyň Kaş etrabynda ýerleşýän taryhy Patara şäherinde dowam edýän gazuw agtaryş işlerinde galyndylaryň arasyndan 2300 ýyllyk balyk skletiniň tapylandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar