Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

1637225
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdoganyň ÝB ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Ýewropa güni mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde ÝB-niň güýçli golabal kesgitleýiji bolmagynyň öňündäki esasy bökdençligiň strategşk sabyrlylyk we gözýetim ýetmezçiligidigini beýan edip: “Ýurdumyzyň goşandy we goldawy bolmasa, Bileleşigiň güýçli pozisiýasynyň dowam etmejekdigi äşgärdir” diýen sözlerine üsnleri çektär.

“Star” gazeti “ÝB güýçli Türkiýe bilen hasam kuwwatlanar” söz başyly habarynda, düýn 9-njy maý Ýewropa güni mynasybetli wideoýüzlenme beren Daşary işler ministriniň orunbasary we ÝB edarasynyň Başlygy Faruk Kaýmakçynyň Türkiýe bilen Ýewropanyň geçmişiniň umumylyklardan gözbaş alýandygyna ünsi çekip, taraplaryň gelejegi bilelikde gurmalydygyny aýdandygyny ýazýar. Kaýmakçy: “ÝB-niň güýçli Türkiýe bilen hasam kuwwatlanjakdygyna ynanýarys” diýdi.

“Watan” gazeti “Ministr Dönmez beýan etdi: Ýerli litiý synaglardan üstünlik bilen geçdi” söz başyly habarynda, suwk bor galyndylaryndan öndürilen ýerli litiýniň Türkiýäniň esasy batareýa öndürijilerinden “Harby batareýa senagat we söwda paýdarlar jemgyýeti” (PİLSAN) tarapyndan geçirilen synaglardan üstünlik bilen geçendigini mälim edýär. Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Twitter hasabyndan beren habarnamasynda, “Türkiýäniň litiýsi 100 bal bilen synagdan geçdi. Türkiýänin ýokary tehnologiýa önümleri ýerli litiý bilen güýçlener” diýip ýazdy.

“Hürriýet” gazeti “THÝ Ýewropada ýene birinji boldy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň 6-njy maýdaky günde ortaça 504 uçuş bilen Ýewropadaky birinjiligini dowam etdirendigini ýazýar. Ýewropanyň awia nawigasiýa howpsuzlygy guramasynyň uçuş gatnawy habarnamasyna görä Air Frans 392 uçuş bilen ikinji orny eýeledi.

“Haber Türk” gazeti “Ýanwar-Aprel aaralygynda awtoulag önümçiligi 28 göterim artdy” söz başyly habarynda, Türkiýede ýylyň birinji çärýeginde jemi awtoulag önümçiliginiň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 28 göterim ýokarlap, 415,187-äi maşyn önümçiliginde bolsa 18 göterim ösüş edip, 288,211 sany ulagyň öndürilendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar