Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1466695
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Mejlisiň başlygy Şentop: Ermenistanyň maksatlaryny durmuşa geçirmegine rugsat bermeris" söz başyly habarynda, TBMM-nyň başlygy Mustafa Şentopyň, Gurban baýramyny gutlamak üçin telefon arkaly jaň eden Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa, soňky wagtlarda Ermenistanyň artan hüjümlerine garşy Türkiýäniň goldawyny belläp: "Ermenistanyň Azerbaýjana we Türkiýä garşy maksatlaryny durmuşa geçirmegine asla rugsat bermeris" diýendigini habar berýär. 

Watan gazedi: "Türkiýäni Gündogar Ortaýer deňizinden uzak saklamak mundan beýläk mümkin däl" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň The Wall Street Journal gazediniň, Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki strategiýasynyň üstünde durup geçendigini mälim edýär. Habarda sebitde deňizçilik işlerini başladan Türkiýäniň, göçümleriniň garaşylan bir ýagdaýdygy aýan edildi. Habarda Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňizindäki energiýa deňlemesiniň daşyna itmäge synanyşylan hereketlere ünsler çekilip, bular ýaly hereketleriň Türkiýäniň tutanýerliligi bilen şowsuzlyga duçar bolandygy beýan edildi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Ýewropa Türkiýä bilen çaknyşyga girmez" söz başyly habarynda, Gresiýanyň ozalky Goranmak ministri Ewangelos Apostolakisiň Türkiýäniň ähmiýetiniň üstünde durup geçip, geosyýasy we ykdysady taýdan Ýewropa Bileleşiginiň Gresiýanyň ýerine Türkiýäni saýlajakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň güýçlüdigini we Türkiýäniň Erdoganyň liderliginde Gündogar Ortaýer deňizinde uly bir sebitleýin güýç bolmak ugrunda meýillidigini aýdan Ewangelos Apostolakis: "Türkiýe ähli geosyýasy platformalara gatnaşýar we uly bir güýç hökmünde görülýär" diýip belledi. 

Haber Türk gazedi: "Türkiýede bazarlar çalt depginler bilen özüne geldi" söz başyly habarynda, Täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garamazdan Türkiýede bazarlaryň çalt depginler bilen özüne gelmäge başlandygyny habar berýär. Stambulda ýaşaýyş jaý satuwlary şu ýylyň ilkinji ýarymynda 16 göterimlik artyş bilen 106 müňden geçdi. Türkiýede awtoulag satuwlary 156 müňden 203 müňe çenli ýokarlady. Stambulda täze gurulan firmalaryň sany 7 aýda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 10 göterimlik artyş bilen 30 müň 509-a ýetdi. 

Hürriýet gazedi: "Ösüşiň merkezi Türkiýe" söz başyly habarynda, Dünýäniň iň uly arassaçylyk we şahsy ideg kärhanalarynyň biri bolan P&G kärhanasynyň Türkiýe, Kawkaz we Orta Aziýa sebitleriniň dolanşyk geňeşiniň başlygy Tankut Turnaoglynyň, Türkiýäniň Ýewropanyň iň möhüm ösüş merkezleriniň biridigine ünsleri çekendigini mälim edýär. Soňky 3 ýylda Ýewropanyň iň çalt depginler bilen ösýän ýurdyň Türkiýedigini aýdan Turnaogly: "P&G Türkiýe şol bir wagtda eksport çempiony" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #Star , #Watan , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar