Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1458081
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Erdogan Aýasofýada gözegçilik işlerini geçirdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, 24-nji iýulda okaljak juma namazy bilen 86 ýyl arakesmeden soň ybadata açyljak Aýasofýa metjidinde düýn gözegçilik işlerini geçirendigini habar berýär. Aýasofýa metjidinde takmynan 1 sagat gözegçilik işlerini geçiren Prezident Erdogan, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýdan we Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýadan edilýän işler barada maglumat aldy. 

Haber Türk gazedi: "Çaý eksporty ýylyň ilkinji 6 aýynda 57 göterim artdy" söz başyly habarynda, Gündogar Gara deňiz Eskportçylar bileleşigi tarapyndan berilen habara görä, Türkiýeden 2020-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda 97 ýurda 1 müň 895 tonna çaýyň eksport edilendigi mälim edildi. Şol wagt aralygynda edilen eksportdan jemi 7 million 587 müň 963 dollar girdeji alyndy.Geçen ýyl şol wagt aralygynda amala aşyrylan 1 müň 504 tonnalyk çaý eksportyndan bolsa 4 million 815 müň 385 dollar girdeji alynypdy. Şoňa görä Türkiýeden ýylyň ilkinji ýarymynda edilen çaý eskporty, geçen ýylyň şol wagt aralygyna garanyňda mukdar taýdan 26 göterim, gymmatlygy taýdan bolsa 57,6 göterim artdy.

Watan gazedi: "Liwiýada elde ýasalan partlaýjylar ýerli robot Kutlu bilen täsirsiz ýagdaýa getirilýär" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň ýerli we milli robot bolan TMR 2-niň, başgaça ady Kutlu bolan robotyň Tripolide elde ýasalan partlaýjy maddalaryň we ok-därileriň täsirsiz ýagdaýa getirilmeginde täsirli ýagdaýda ulanylýandygyny aýdandygyny aýan edýär. 

Star gazedi: "Türkiýe Eýrana we Owganystana bolan uçar saparlaryny togtatdy" söz başyly habarynda, Transport we infrastruktura ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Türkiýäniň Kovid-19-a garşy görülýän çäreleriň çäginde Eýrana we Owganystana guralýan uçar saparlaryny togtadandygyny beýan edýär. 

Hürriýet gazedi: "Dünýäde ilkinji gezek gury ýer janly-jandarynyň galyndylary suwyň aşagynda gabat gelindi" söz başyly habarynda, Kaýseriniň şäher häkimliginiň goldawy saýasynda Obruk gowagy ylmy-derňew topar tarapyndan Ýamula suw howdanynda geçirilýän gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde takmynan 7,5 million ýyllyk taryhy bolan 4 süňk galyndysynyň tapylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ylmy-derňew toparyndan Ali Ethem Keskin: "Ozal deňizde ýaşaýan janlylaryň deňiziň aşagynda galyndylary tapylypdy, emma dünýäde ilkinji gezek bir gury ýerde ýaşaýan janly-jandaryň galyndylary suwyň aşagynda tapyldy" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Watan , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar