Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde uly seslenme döredýär

1342013
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: “Çawuşoglyndan Müsür bilen bagly reaksiýa: Kabul edilmez” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, düýn agşam telewideniýe kanallaryň birinde daşary syýasat bilen bagly soňky hadysalaryň üstünde durup geçendigini habar berýär. Ministr Çawuşogly beren beýanatynda: “Müsüriň polisiýa gullugynyň Anadoly habarlar gullugynyň Kair şäherindäki ofisindäki eden-etdiligi kabul edilmez, gerek bolan çäreleri göreris” diýip belledi.

Haber Türk gazedi: “Ministr Akar: Liwiýada ylalaşyk ähtimallygynyň galmandygyny aýtmak entek ir” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Türkiýäniň edýän tagallasynyň esasy maksadynyň hem Liwiýada hem-de Siriýanyň Idlib şäherinde syýasy çözgüt tapmakdygyny, parahatçylygyň we asudalygyň gelmegidigini, akýan ganyň durmagydygyny aýdandygyny mälim edýär. Düýn ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde metbugat edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçiren Akar, Liwiýada ylalaşyk ähtimallygynyň galmandygy bilen bagly beýanatlar barada: “Muny aýdyp bilmeris, munyň bilen baglanşykly tagallalarymyz dowam edýär” diýip nygtady.

Watan gazedi: “Ministr Pekjandan Marokkoda ikitaraplaýyn häsýetde maýa goýmak çagyryşy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň, Nigeriýa guran saparyndan soň, düýn saparda bolan Marokkonyň paýtagty Rabat şäherinde Marokkonyň şalygynyň Senagat, söwda, ýaşyl we sifrleýin ykdysadyýet ministri Moulaý Hafid Elalamy bilen duşuşyk geçirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Pekjan ol ýerde eden çykyşynda, Marokkonyň Türkiýäniň möhüm hyzmatdaşlaryndan biridigini, türk işewür adamlarynyň bu ýurtda has köp maýa goýmagyna garaşýandyklaryny belläp: “Marokkoly maýadarlary hem Türkiýä maýa goýmaga çagyrýarys” diýip belledi.

Star gazedi: “Türkiýäniň awtobus, mikroawtobus we midibus eksporty 2 milliard dolardan geçdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň eksportynda ýyllyk görkezijilere görä yzly-yzyna eýýäm 14-nji gezek awtoulag senagaty pudagynyň bölümleriniň biri bolan awtobus, mikroawtobus we midibus pudagynyň eksportynyň 2019-njy ýylda 2 milliard dollardan geçendigini habar berýär. Pudagyň geçen ýyl iň köp eksport eden ýurdy Fransiýa döwleti boldy.

Ýeni Şafak gazedi: “Türkiýede soňky 49 ýylyň 4-nji iň yssy ýyly” söz başyly habarynda, Türkiýede geçen ýyl möwsümiň adaty bolmaly howasyndan has yssy bolmagy sebäpli, soňky 49 ýylyň iň yssy 4-nji ýyly başdan geçirildi. Meteorologiýa baş müdürligi tarapyndan berilen beýanata görä, geçen ýyl howanyň ortaça ýylylyk derejesi 1,3 göterim artyp, 14,8 derejä ýetdi.



Degişli Habarlar