Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar

1222512
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: “Prezident Erdogandan S-400 bilen bagly beýanat” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Türkiýedäki halkara media guramalaryň wekilleri bilen düýn Stambuldaky Dolmabahçe köşgünde duşuşyk geçirip, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berendigini habar berýär. Erdogan ol ýerde: “S-400 meselesi biz we Russiýa üçin netijelendi, öňümizdäki aý almaga başlarys, ABŞ-nyň sanksiýa girizjekdigini pikir etmeýärin” diýip belledi.

Hürriýet gazedi: “Pekjan, Yragyň prezidenti Berhem Salih bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, Türkiýe-Yrak işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Yragyň paýtagty Bagdatda giden Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň, Yragyň Prezidenti Berhem Salih we Premýer ministri Adil Abdulmehdi bilen duşuşandygyny mälim edýär. Ministr Pekjana saparynyň çäginde Türkiýäniň Yrakdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fatih Ýyldyz, Türkiýe-Yrak Parlamentara Dostluk toparyna agza halk deputatlary bilen Türkiýäniň Eksportçylar mejlisiniň başlygy Ismail Gülle ýoldaşlyk edýär. Metbugata ýapyk häsiýetinde geçirlen gepleşiklerde 20 milliard dollarlyk söwda mukdarynyň çäginde söwda gatnaşyklarynyň we maýa goýumlaryň artdyrylmagy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Watan gazedi: “Türkiýede inflýasiýanyň peselişi çaltlanar” söz başyly habarynda, Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fitch Ratingsiň ýerine ýetiriji direktory Edward Parkeriň: “Türkiýede inflýasiýanyň peselişiniň öňümizdäki aýlarda çaltlanmagyna garaşýarys. Türkiýäniň geçen ýylyň tomus aýlaryndan bäri eden işleri ünsleri özüne çekýär” diýip nygtady.  

Sabah gazedi: “Ýawuz gämisi Ortaýer deňizine tarap ýola çykdy” söz başyly habarynda, Ortaýer deňiziniň gündogarynda nebit we tebigy gaz gözleglerine gatnaşjak bolan Ýawuz buraw gämisiniň düýn Ortaýer deňizine tarap ýola çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez “Ýawuz” burawlaýyş gämisini ugradyş dabarasynda sözlän sözünde: “Hem öz hukuklarymyzy hem-de DKTR-nyň hukuklaryny gorarys. Türkiýäniň tutanýerliligine hiç kim päsgel berip bilmez” diýdi.

Star gazedi: “Roketsan-yň mikro emeli hemra uçurma enjamy ilkinji gezek daşary ýurtda sergilendi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Roketsan kärhanasynyň özüniň mikro emeli hemra uçurma enjamyny daşary ýurtda ilkinji gezek Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän Awiasia sergisinde tanyşdyrylandygyny beýan edýär. Roketsan kärhanasynyň resmilerinden Hüdai Özdamar: “Özgeren täze tehnologiýa taktiki we strategik ulgamlarymyz bilen bazarda bardygymyzy bu sergide berkitdik” diýip belledi.



Degişli Habarlar