DKTR Bilelikdäki Beýannama Reaksiýa Bildirdi

DKTR, Kipriň grek böleginiň, Gresiýa we Müsür bilen beren bilelikdäki beýannamasyna reaksiýa bildirdi.

1722155
DKTR Bilelikdäki Beýannama Reaksiýa Bildirdi

 

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasy, Kipriň grek böleginiň, Gresiýa we Müsür bilen beren bilelikdäki beýannamasyna reaksiýa bildirdi.

DKTR-nyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Kipriň grek böleginiň, Gresiýa we Müsür bilen düýn geçirlen üçtaraplaýyn maslahatdan soň berlen bilelikdäki beýannamada ýer alýan esaslaryň, Adadaky syýasy we hukuky hakykatlary beýan etmeýändigi ýatladyldy.

Beýannamada, Kipr bilen arabaglanşykly meseleleriň Kipriň grek böleginiň we beýleki ýurtlaryň DKTR bilen seljerilmelidigi nygtaldy.

Beýannamada “Kipr Adasynda biri DKTR, beýlekisi Kipriň grek bölegi bolmak bilen iki aýry döwlet bar. Şol iki döwletiň beren beýannamasy we alan kararlary diňe özlerini gyzyklandyrmaýar. Kipriň grek böleginiň Gresiýa we Müsür bilen beren bilelikdäki beýannamasy DKTR üçin ýok hökmünde” diýildi.

 



Degişli Habarlar