Ermeni Ýaragly Toparlaryň Ot Açmagy Sebäpli Azerbaýjanly 1 Esger Şehit Boldy

"Ermeni ýaragly toparlaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin Azerbaýjanyň kanunlaryna laýyklykda hüjüme degişli gaýtawul berler"

1719973
Ermeni Ýaragly Toparlaryň Ot Açmagy Sebäpli Azerbaýjanly 1 Esger Şehit Boldy

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi rus güýçleriniň gözegçiligi astyndaky etrapdan bikanun ermeni ýaragly toparlar tarapyndan ot açylmagy netijesinde azerbaýjanly 1 esgeriň şehit bolandygyny habar berdi.

Ministrlikden berlen beýannamada, ýerli wagty bilen 18.15-de ermeni ýaragly toparlaryň ot açandygy sebäpli esger Afgan Hamzaýewiň aradan çykandygy nygtaldy.

Beýnnamada, terrorçylykly hüjüm hökmünde häsiýetlendirlen aksiýanyň derňelmegi üçin Türk-Rus bilelikdäki gözegçilik merkezine ýüz tutulandygy ýatladyldy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligiden berlen beýannamada, Minskde Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirilýän pursatlary ermeni ýaragly güýçleriniň bilkastlaýyn terrorçylykly hüjüm gurandygy bellenildi.

Beýannamada ermeni ýaragly toparlaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin Azerbaýjanyň kanunlaryna laýyklykda hüjüme degişli gaýtawulyň beriljekdigi nygtaldy.



Degişli Habarlar