Atatürkiň ABŞ-daky ilkinji heýkeli

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1627462
Atatürkiň ABŞ-daky ilkinji heýkeli

ABŞ-da Atatürkiň jemgyýetçilik ýerlerindäki ilkinji heýkeliniň paýtagt Waşingtonda ýerleşýändigini bilýäňizmi?

2013-nji ýylyň 10-njy noýabrynda, M.K.Atatürkiň aradan çykan gününiň 75-nji ýylynda, Atatürkiň ABŞ-nyň jemgyýetçilik ýerlerinde sergilenýän heýkeli Waşingtonyň esasy meýdanlaryndan biri bolan Şeridan Sirklda açyldy.

Uzak dowam proseduralardan soň Türkiýäniň ABŞ-daky İlçihanasy we Amerikan Atatürk jemgyýeti heýkeliň dizaýny üçin bäsleşik geçirdiler. Bäsleşikde heýkeltaraş Jeffriý Holl üstün çykdy. Atatürk hakynda artykmaç maglumaty bolmadyk Jeffriý Holl, Atatürkiň özüni alyp baryşyny beýan edýän ýüzlerçe fotosuraty, hat-da köne filmleri görenden soň, Atatürkiň haýbatly duruşyna, görünişine, hereketlerine syny oturýar. 6 aý dowm eden taýarlykdan soň taýar bolan heýkel, elinde kitap tutýan Atatürkiň 40 ýaşlarynyň ahyryndaky görnüşini beýan edýär. Heýkel bitewilikde Atatürkiň liderlik pozisiýasyny beýan edýär. Elindäki kitapda bolsa “Nutuk” ýazýar.

Waşingtonyň Embassi Row etrapçasynda, Türk ilçihanasynyň kabulhanasynyň öňündäki açyk meýdanda ýerleşýän Atatürkiň heýkeli, 75-e golaý ilçihananyň, konsullyklaryň kabulhanalarynyň arasynda syýahatçylar üçin in üns çekiji nokatlardan biri.

 


Etiketkalar: #Atatürk , #ABŞ , #heýkel

Degişli Habarlar