Dişlerimi çotgalaýaryn…

Çünki

2132471
Dişlerimi çotgalaýaryn…

Gepleşigimiziň bu sanynda   gündelik durmuşymyzda saglygymyz bilen bagly ýönekeý endikleriň bizi uly howplardan nähili goraýandygy hakynda durup geçmekçi. Agyz we diş sagdynlygynyň ýaşaýyş durmuşymyzyň hilini ýokarlandyrmakda eýe bolan ähmiýetini beýan etmek üçin dişlerimi çotgalaýaryn, çünki diýip, söze başlaýarys…

Bedenimizde her biri özbaşdak funksiýa eýeleýän ulgamlar bardyr. Funksiýalary tapawutly hem bolsa, ulgamlaryň işleýişi biri-birinden garaşsyz däldir. Ulgamlardan birinde ýüze çykan näsazlyk, beýleki bir ulgama hem howp salar. Mysal üçin, ylmy barlaglar diş eti hassalyklary bilen ýürek keselleriniň arasynda baglanşygyň bolup biljekdigini görkezýär.

Mundan ýüze ýyl töweregi ozal diş çüremeleri ölüm howply hassalyklardan biridir. Lukmançylykda we derman senagatynda edilen ösüşler bilen bu mesele ortadan aýrylan hem bolsa, agyz we diş arassaçylygy saglygymyzy ýakyndan gyzyklandyrýan ugurlardan biri bolmagynda galýar. Agyzda ýüze çykan iriňlemäniň we diş eti hassalyklarynyň bedende umumy iriňlemä sebäp bolýandygy bilinýär. Hroniki iriňleme bolsa ýürek keselleri, süýji keseli we beýleki ulgamlaýyn näsazlyklar bilen baglanşdyrylýar.

Agyz we diş arassaçylygy ähli zatdan ozal hassalyklardan goranmak üçin kadaly hem-de yzgiderli bolmalydyr. Olaryň başynda günde iki gezek 2-3 minudyň dowamynda dişlerimizi çotgalamak durýar. Diş çotgalamak, diş kirlerini we agyzdaky bakteriýalary arassalamak üçin iň başlangyç diş bejergisidir.

Diş çotgalamak, diş etlerini arassalar we ganyň aýlanyşyny çaltlandyryp, diş etiniň sagdynlygyny güýçlendirer. Dişlerimizi çotgalanymyzda agyz içindaki azyk galyndylaryny we bakteriýalary aýyrýandygymyz üçin agyz porsusyndan hem dynýarys. Şeýle hem çotgalamak diş emalynyň üstündäki zyýanly aşgarlary arassalap, diş ynjyklygynyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Dişlerimizi çotgalamagyň ýany bilen şekerli we aşgarly azyklardan çetde durmak hem agyz we diş sagdynlygymyz taýdan möhüm çäredir. Ýylda iki gezek diş barlagy bolsa agyrysyz, görünmeýän hassalyklaryň öňüni almak üçin möhüm.

Sözümiziň ahyrynda kadaly çotgalanan dişleriň diňe bir agyz sagdynlygyny däl, bütin bedenimizi gyzyklandyrýandygyny ýene-de bir gezek nygtasymyz gelýär. “Dişlerimizi çotgalaýaryn, çünki sagdyn ýaşamak isleýärin” diýip, siziň bilen hoşlaşýarys.

 


Etiketkalar: #arassaçylyk , #çotka , #diş

Degişli Habarlar