Sary tegmil hassalygy we onuň bejergisi

Saglygym Baýlygym

2129967
Sary tegmil hassalygy we onuň bejergisi

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Sary tegmil hassalygy we onuň bejergisi hakynda söhbet etmek isleýäris.

Sary tegmil degenerasiýasy Türkiýede we bütin dünýäde 60 ýaşdan ýokardaky adamlarda görüş ukybynyň ýitirilmeginiň sebäpleriniň başynda durýar. Esasanda dünýäde işleýän ilatyň görüş ukybyny ýitirmeginiň esasy sebäbidir.

Aýallar we erkekler şol bir derejede howp astyndadyr. Hassalygyň iň bir giňden görülýän sebäbi genetiki ýakynlykdyr.

·        65 ýaşdan ýokardaky adamlar

·        Reňkli gözli adamlar

·        Artykmaç ýaglylyk

·        Çilim çekmek

·        Ýürek-damar hassalygy bolan adamlar sary tegmil degenerasiýasy taýdan howply topara degişli bolup durýarlar.

 Sary tegmil degenerasiýasy umuman irki döwürlede hiç hili alamat görkezmeýär. Orta derjä ýetende azajyk hem bolsa täsirini görkezse-de, ýokary derejede görme ukyby has peselýär. Hassalygyň doly kesgitlenmegi göz lukmanynyň barlagy we esasanda retina zolagynyň giňden analizi bilen mümkindir.

 

Sary tegmil degenerasiýasyny yza süýşirýän azyklar we olaryň peýdalary:

Balyk

Sary tegmil degenerasiýasynda omega-3 ýag aşgalarynyň peýdalydyr. Iň peýdaly omega-3 ýagyny özünde jemleýän balyklar tunes, ançous, forel we sardinydyr.

Ýaşyl ýaprakly bakja önümleri

Çig ysmanak, brokoli, kelem, gara kelem ýaly bol reňkli gök bakja önümleriniň iýilmegi bu kesel üçin peýdalydyr. Ýaşyl ýaprakly bakja önümleriniň düzüminde ýokary mukdarda tegmili gorama özboluşlygyna eýe bolan antioksitent pigmentleri bardyr. Şol sebäpli ysmanak, gara kesel we brokoli ýaly goýy ýaşyl ýaprakly bakja önümleri bilen iýmitlenýän adamlarda sary tegmil degenerasiýasy keseline az gabat gelinýär. Bularyň ýany bilen sary tegmilden goraýan azyklar; mekge-jöwen, awakado, sary burç, ýumurtganyň sarysy, apelsin, şetdaly we hurma.

Papaýýa

Papaýýanyň düzüminde ýokary mukdarda antioksident bardyr. Gözleri ultramämişi şöhlelerden goramak taýdan peýdalydyr.

Çermika

Çernika, miwesi iýilýän saglyga peýdaly ösümliklerden biridir.

         Galla önümleri

Merjimek, noýba, garoh we gök fasol bedenimiziň azyklarywwitaminleri siňdirmegini üpjün edýän sink elementi taýdan baý ajaýyp önümlerdir. Galla önümleri şol bir wagtda-da protein taýdan baýdyr.

 

Guradylan iýmişler

Kažu fystygy, hoz we badem ýaly ähli funduklar omega-3 ýag aşgarlarywwitamin taýdan baýdyr. Aýratynam düzüminde gözüň öýjüklerini hem-de gatlagyny goraýan E witamini bardyr.

Sink

Düzüminde ýeterlik mukdarda sink bolmadyk azyklar bilen iýmitlenýän adamlar sary tegmil degenerasiýasy keseline has köp duçar bolýarlar. Düzüminde ýokary mukdarda sink bolan azyklar; et, balyk, fasol, nohut wýulafdyr.

A, E we J witaminleri

Esasanda A we E witaminlerinin göz saglygyna oňyn täsiriniň bardygyylmy taýdan subut edildi. A witamini; ysmanak, petruşka, merjimek, poroý sogany, brokoli, kädi, käşir, kartoşka, gawun, gyzyl burç, greýfurt, garoh, bagyr, balyk, süýt, mesge, ýumurtga, böwrek, peýnir, gatyýaly önümlerde ýokary mukdarda bardyr.

Düzüminde E witamini bolan azyklar; gaby gabykly ir-iýmişler, awakado, ähli ösümlik ýaglary. Artykmajy bedende saklanýar we toksiki täsir emele getirip biler.

 

Kadaly maşk etmek

Yzgiderli häsýerde maşk etmek arkaly bedeniň ýaglanmagynyň öňi alynmaly.

Ultramämişi şöhlelerden çetde durmaly.

Stressden mümkingadar daş durmak maslahat berilýär.


Etiketkalar: #tegmil , #göz

Degişli Habarlar