Ýewraziýada 2020 Nähili Geçdi?

Ýewraziýa Syn

1560926
Ýewraziýada 2020 Nähili Geçdi?

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Ýewraziýa sebitinde 2020-nji ýylyň nähili geçendigine ser salmakçy.

2020-nji ýyl bütin dünýä üçin agyr ýyl boldy. Ýylyň başynda Hytaýdan ýaýran Kowid-19 epidemiýasy bütin dünýäde bolşy ýaly Ýewraziýa ýurtlaryna hem çuňňur täsir ýetirdi. Sebitde ýüzlerçe müň adam ýogaldy. Mongoliýa pandemiýadan iň az ýitgi çeken ýurt boldy.

Epidemiýa garamazdan 2020-nji ýylda Ýewraziýa sebitiniň ençeme ýurdunda saýlawlar geçirildi. Mysal üçin 2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Mongoliýada, 4-nji oktýabrynda Gazagystanda, 31-nji oktýabrynda Gruziýada parlament saýlawlary geçirildi. Gyrgyz Respublikasynda saýlawyň netijeleri bes edildi we Prezident Soornbaý Jeenbekow wezipeden çekilmäge mejbur boldy. 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Gyrgyz Respublikasynda möhletinden irki Przident saýlawlary we hökümetiň dolanşyk ulgamyny kesgitlemek üçin referendum geçiriler. Parlament saýlawlary bolsa 2021-nji ýylyň dowamynda geçiriler. Gruziýada-da oppozisiýanyň saýlawyň netijesine närazylygy dowam edýär.

2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda Ýewraziýa sebitinde 3 ýurtda Prezident saýlawlary geçirildi. 9-njy awgustda Belarusda, 10-njy oktýabrda Tajigistanda, 1-nji we 15-nji noýabrda Moldowada prezident saýlawlarynyň birinji hem-de ikinji tapgyrlary geçirildi. Belarusda halkyň belli bir bölegi saýlawyň netijelerine garşy protestlerini dowam etdirýär.

Aýratynam 25-nji iýun-1-nji iýul aralygynda Russiýa Federasiýasynda konstitutsiýanyň täze teksti üçin referendum geçirildi. Geçirilen referendumyň esasy özboluşlygy şübhesiz Wladimir Putiniň gaýtadan iki döwür üçin döwlet ýolbaşçysy bolmak üçin kanuny bökdençlikleriň aýrylmagy boldy. Russiýada iýul aýyndan bäri, tusaglykdaky Habarowskyň häkimi Sergeý Furgala goldaw mitingleri her hepdäniň dynç alyş günleri üznüksiz dowam edýär.

Fergana jülgesindäki serhet meselesi 2020-nji ýylda-da dowam etdi. Serhet ýakasynda bolan çaknyşyklarda adam pidalary çekildi.

Sebit üçin ýylyň iň esasy wakasy hökmünde Daglyk Garabagyň azat edilmegini görkezip bileris. 30 ýyla golaý çözgüde garaşan Garabag meselesi Azerbaýjanyň goşunlarynyň 44 günlük gahrymanlarça söweşinden soň 10-njy noýabrda Azerbaýjanyň ýeňişi bilen çözüldi. Ermeniler basyp alan ýerlerinden çekilmäge mejbur boldy.

Ýewraziýanyň Ykdysady Bileleşigi, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, GDA, Kollektiw howpsyzlyk ylalaşygy guramasy, Türk geňeşi ýaly sebitleýin guramalaryň maslahatlary 2020-nji ýylyň dowamynda onlaýn görnüşde geçirildi. Şol guramalaryň arasynda Türk geňeşi 2020-nji ýylda netijeli işleri bilen ünsleri çekdi. Mysal üçin Türk geňeşi dünýäde Kowid-19-a garşy göreş boýunça prezidentler derejesinde wideo konferensiýa geçiren ilkinji halkara gurama boldy. Saglykdan transporta, energetikadan ykdysadyýete ähli ugurlarda Türk geňeşi gurama agza döwletleriň arasynda utgaşyklygyň ýola goýulmagy, gatnaşyklaryň ösdürilmegi taýdan möhüm işleriň hötdesinden geldi. Jemläp aýdanymyzda 2020-nji ýyl sebit üçin gynandyryjy we şatlykly pursatlaryň bilelikde başdan geçirilen ýoly boldy.



Degişli Habarlar