Putin kasam edip wezipesine başlady

Russiýada Wladimir Putin kasam edip 8-nji gezek prezident wezipesine resmi ýagdaýda başlady

2136535
Putin kasam edip wezipesine başlady

Kreml köşgünde geçirilen dabara aralarynda Federasiýa Mejlisi, Duma we Konstitutsion kazyýetiň agzalary, metbugat gulluklarynyň işgärleri we raýatlar hem bolan takmynan 2600 adam gatnaşdy. 

Rus telewideniýe kanallarynyň göni ýaýlym arkaly görkezen dabarada Putin, Konstitutsiýa kitabyna elini goýup kasam etdi. 

Putin dabarada sözlän sözünde, özüni wezipä ýaňadandan saýlan raýatlara minnetdarlyk bildireninden soň, rus halkynyň bähbitleriniň we howpsuzlygynyň ähli zatdan möhümdigini belläp: "Russiýany ynamdar we dogruçyl bir hyzmatdaş hökmünde garaýan ähli ýurtlar bilen gowy gatnaşyklary güýçlendirmäge açyk bolduk we mundan soň hem bolarys" diýip belledi. 

Wladimir Putiniň kasam edişlik dabarasyna Türkiyä Moskwadaky ilçisi Tanžu Bilgiç wekilçilik etdi. 

Russiýada mart aýynda geçirilen Prezident saýlawyna gatnaşyk 77,49 göterm bolupdy. 

Sesleriň 87,28 göterimini alan Putin, ýene-de 6 ýyl wezipesini dowam etdirer. 



Degişli Habarlar