Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artmaga dowam edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 456 adama, ýaralananlaryň sany bolsa 79 müň 476 adama ýetdi

2141364
Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artmaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 226 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 8 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 70 palestinalynyň ýogalandygy, 110 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 35 müň 456 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 79 müň 476 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #palestinaly , #Gaza , #Ysraýyl

Degişli Habarlar