Germaniýada Yslamafobik Jenaýatlar Artýar

Germaniýada ýylyň birinji çarýeginde 137 Yslamafobik jenaýat hasaba alynan bolsa, şol san geçen ýyla görä iki esse artdy.

2128356
Germaniýada Yslamafobik Jenaýatlar Artýar

2023-nji ýylda ýurtda 1,464 jenaýat Yslamafobik hökmünde synplandyryldy. Öňki ýyl bolsa şol san 610-a dendi. Ýylyň birinji çärýeginde bolsa içeri işler bölümi tarapyndan 137 Yslamafobik jenaýat hasaba alyndy.

Merkezi Berlinde ýerleşýan Yslamafobiýa we musulman duşmançylygyna bileleşik Gazada möwç alýan Ysraýyl-Palestina çaknyşygyndan soň artan musulmanlara garşy rasizm boýunça duýduryş berdi.

“Germaniýada musulmançylyga garşy rasizmiň ýaýbaňlanýandygyny görýäris. Ol ählimizi aladalandyrmaly we oňa çynlakaý çemeleşilmeli” diýen merkeziň direktory Rima Hahano, noýabr aýynda; “Gödek çemeleşmeleriň artykmanç kadalaşmagyna ýol berilmeli däl” diýipdi. Hahano onuň jemgyýetçilik utgatşyklyga howp salýandygyny nygtap; “Adamlaryň ählisi rasist, anti-semitik we beýleki howplardan goralmaly” diýipdi.

Fransiýadan soň günbatar Ýewropadaky esasy musulman azlygyny özünde jemleýän Germaniýada 3,5 milliona barabar musulmanyň 3 milliondan gowragy türklerden ybarat.

 



Degişli Habarlar