Meksikada awtobusyň agdarylmagy netijesinde 18 adam ýogaldy

Meksikanyň günortasynda ýolagçy awtobusynyň agdarylmagy netijesinde 18 adam ýogaldy, 32 adam ýaralandy

2133613
Meksikada awtobusyň agdarylmagy netijesinde 18 adam ýogaldy

San-Luis-de-la-Pas şäherçesinden ýola çykan awtobus, Meksika welaýatynyň Kapulin-Çalma ýolunda agdaryldy.

Heläkçilikde 18 adam wakanyň bolan ýerinde ýogaldy, 32 adam bolsa ýaralandy. Awtobusyň içinde galan adamlaryň çykarylmagy üçin wakanyň bolan ýerine köp sanda ýangyn söndüriji gönükdirildi. 

Ýaralanan adamlar golaýdaky hassahana alynyp gidildi. 

Şaýatlar bolsa heläkçiligiň awtobusyň tormozynyň näsazlygy sebäpli başdan geçirilendigini habar berdiler. 



Degişli Habarlar