Entoni Blinken Ysraýylyň Rafaha garşy guramagy meýilleşdirýän operasiýasy barada beýanat berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken: "Asuda ilata zeper ýetirilmejekdigi bilen bagly bir meýilnama bolman halatynda, Rafah şäherine garşy geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli operasiýany goldamagymyz mümkin däl" diýip belledi

2133670
Entoni Blinken Ysraýylyň Rafaha garşy guramagy meýilleşdirýän operasiýasy barada beýanat berdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Gazada 7-nji oktýabrdan bäi dowam edip gelýän söweşiň bes edilmegi we Palestina döwletiniň gurulmagy bilen bagy ýol kartasynyň emele getirilmeginiň zerurdygyny beýan etdi. 

Ýakyn Gündogarda 1948-nji ýyldan bäri iň erbet krizisi başlaryndan geçirýändiklerini aýdan Entoni Blinken, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gazadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi we has hem ýaýbaňlanmazlygy üçin iş alyp barýandyklaryny habar berdi. 

Ysraýylyň Rafah şäherine gury ýer hüjümlerini meýilleşdirmegi bilen bagly Blinken: "Asuda ilata zeper ýetirilmejekdigi bilen bagly bir meýilnama bolman halatynda, Rafah şäherine garşy geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli operasiýany goldamagymyz mümkin däl" diýip nygtady. 

Blinken, şeýle hem Ysraýylyň Rafahdaky asuda ilata zyýan ýetirmezligini kepillendirýän meýilnama hödürlemändigini aýtdy.

Blinken ABŞ-daky uniwersitetlerde Gaza raýdaşlyk berilip geçirilýän demonstrasiýalar bilen baglanşykly bolsa: "Bu demonstrasiýalar raýatlarymyzyň Gazadaky asuda ilatyň, zenanlaryň we çagalaryň çekýän ezýetlerini görkezýär we men oňa düşünýärin" diýip belledi. 



Degişli Habarlar